Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Senagat taýdan ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

09:0012.05.2023
0
19205

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Kelleli», «Garabil» gaz ýataklarynda guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar golaýda «Kelleli» gaz ýatagynyň 01 belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymyny aldylar.

Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary «Kelleli» gaz ýatagynyň 01 belgili ulanyş-baha beriş guýusynda tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işini 2525 metr çuňluga ýetirdiler. Şeýlelikde, senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymy alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde 571 müň kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz bolmagy bu ýatagyň önüminiň esasy aýratynlygydyr. Şu günler gazçylar Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän beýleki gaz känlerinde-de guýulary burawlamak işlerine giň gerim berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň