Täjigistana amala aşyran iki günlük döwlet saparynyň ikinji günüň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow täjik Lideriniň şäher etegindäki Warzob jülgesinde ýerleşýän «Takob» kabulhanasynda myhman boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Warzob etrabynyň tebigy gözelliklerini, haýran galdyrýan peýzažlaryny synladylar. Güneşli Täjigistanyň jana ýakymly howasyndan, bu künjegiň ajaýyplyklaryndan lezzet alyp, Prezidentler erkin, dostlukly ýagdaýda söhbet gurap, bilelikde resmi däl günortanlyk naharyny edindiler.