Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa iş sapary tamamlandy

21:3009.05.2023
0
20926

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Moskwa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli hormatly myhman hökmünde şu gün Moskwada, Gyzyl meýdançada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça, bu dabaralara şeýle hem Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gatnaşdylar.

Köpýyllyk taryhyň dowamynda Ýeňiş baýramy birnäçe dessurlary we nyşanlary özünde jemledi. Olar şu günler hem dürli nesilleri we halklary baglanyşdyrýan nurana, şol bir wagtyň özünde-de, gussaly baýramyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.

Gussaly saz astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabr aýynda «Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy» derejesi berlen kaşaň binagärlik toplumyna gül goýdular.

Tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna giden hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde türkmen döwletiniň Baştutany hem Baky oda gül goýdy.

Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň «Wnukowo-2» howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.

Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanynyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň