Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmen-täjik işewürlik maslahaty hem-de iki ýurduň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi geçirildi.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, 8-nji maýda geçirilen çäreler, ilki bilen, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň binasynda guralan Täjigistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Sergi hyzmatdaş ýurduň soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini beýan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Soňra Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlyk boldy. Bu ýerde ýurduň nebitgaz toplumynyň, senagat, energetika, dokma pudagynyň, gurluşyk, binagärlik, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň gazananlary, hususy kompaniýalaryň onlarçasynyň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary görkezildi.
Milli kitaphananyň uly mejlisler zalynda Türkmen-täjik işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Işewürlik maslahatynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Täjigistan Respublikasynyň birnäçe döwlet kärhanalarynyň we hususy düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 20-den gowrak resminama gol çekildi.