Soňky habarlar

Arhiw

«FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sanyny köpeltdi

16:0607.05.2023
0
51214

«FlyDubai» Dubaýdan (BAE) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine uçuşlarynyň sanyny hepdede dört gezege çenli artdyrdy. Indi şenbe güni hem bu ugur boýunça uçuşlar amala aşyrylar.

6-njy maýdan «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine hepdede dört gezege çenli uçuş sanyny köpeltdi. Uçuşlar duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylar. Ondan öň uçuşlar duşenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylýardy.

Petekler awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda satylýar.

Uçarlar ýerli wagt bilen 23:55-de Dubaýdan (DXB) ýola çykýarlar we ertesi gün sagat 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gelýär. Yzyna gaýdýan uçarlar sagat 04:55-de göge galyp, Dubaýa (DXB) wagt tapawudyna görä, 06:45-de gonýar.

Uçuş wagty, takmynan, 2 sagat 30 minut bolar. Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.

Merkezi Dubaýda (BAE) ýerleşýän «FlyDubai» awiakompaniýasy 68 uçary bilen 100-den gowrak ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar.

Habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň