Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow Londona iş saparyny amala aşyrýar

21:5205.05.2023
0
46541
Serdar Berdimuhamedow Londona iş saparyny amala aşyrýar
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iňlis tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň patyşasy Karl III hem-de onuň Şazenan maşgalasynyň täç geýmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Londona ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ir bilen döwlet Baştutany Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugramak üçin Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi.

Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia Uaýld bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşlikde dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Taraplaryň köpýyllyk hyzmatdaşlyga hil taýdan täze many-mazmun bermäge ygrarlydygyna aýratyn üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowa saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw edip, diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň patyşasy Karl III täç geýdirilmegi mynasybetli öňde boljak dabaralara gatnaşmagynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolmak bilen, türkmen-britan gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary iki ýurt tarapyndan hem netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Soňra Aşgabadyň Halkara howa menziline ýygnanan resmi adamlar Prezident Serdar Berdimuhamedowy ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary London şäheriniň Halkara howa menziline baryp gondy. Ol ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň Patyşalygynyň ýörite wekili Çarlz Anderson, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Soňra Londonyň Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenilen kabulhana tarap ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň