«Röwşen» aýakgap kärhanasy Aşgabatda geçirilýän halkara ulag sergisine gatnaşýar

16:3504.05.2023
0
24886

3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Bu forumda ulag-logistika ulgamynda geljegi uly ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin köp sanly degişli ugurlar boýunça hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalarynyň hünärmenleri, ilçiler we maýadarlar gatnaşdylar.

Halkara forum bilen ugurdaş geçirilýän sergä ýurduň aýakgap önümçilik çygrynda iň bir öňdebaryjy kärhanalaryň biri bolan «Röwşen» aýakgap kärhanasy hem gatnaşýar. Italiýanyň dizaýnerlik ýörelgelerini özleşdiren we bezeginde jemleýän bu aýakgap haryt nyşany amatly bahasy we ýokary hili bilen türkmen sarp edijileriniň arasynda giňden isleg bildirilýär. Kärhananyň aýakgap modellerinde peýdalanýan ýokary hilli derisi hem ýerli önümçilikden alynýan çig maldyr.

«Röwşen» kärhanasynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara sergilere gatnaşmagy eýýäm ýerli ýeňil senagatynyň üstünliklerini görkezýän asylly däbe öwrüldi. Häzirki forumyň çäginde aýakgap kärhanasy diňe bir gatnaşyjy hökmünde däl-de, eýsem bu uly derejeli çäräniň hemaýatkärleriniň biri hökmünde çykyş edýär.

Öz diwarlygynda «Röwşen» kärhanasy önümçiliginde peýdalanylýan hakyky deri önümlerini, şeýle hem möwsümdäki önümçilik täzeliklerini görkezýär: zenanlar üçin ýeňil aýakgaplary, erkekler we aýallar üçin oňaýly mokasinleri hem-de krossowkalary, şeýle hem gyşda we önümçilik işlerinde geýmek üçin ýyly aýakgaplary hödürleýär. Kärhana çagalar üçin mekdepde, sportda we gündelik geýmäge niýetlenen aýakgaplary hem öndürýär.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işini 4-nji maýda tamamlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň