Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa ýurtlary futbol boýunça Aziýa Kubogyny geçirmek üçin bilelikde arza bererler

18:0903.05.2023
0
39113

Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň prezidenti Rustam Emomali Duşanbe şäherinde geçirilen CAFA-nyň 8-nj kongressinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 2031-nji ýa-da 2035-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň final tapgyryny bilelikde geçirmek üçin arza berjekdiklerini mälim etdi.

«Biziň Merkezi Aziýa sebitimiz taryhda entek ýekeje gezek hem Aziýa Kubogynyň final tapgyryny özünde geçirmedi. Meniň pikirimçe, munuň wagty geldi. Biziň sebitimize örän güýçli ýygyndylar wekilçilik edýärler. Doganlyk ýurtlar bilen bilelikde Aziýa birinjiliginiň final tapgyryny ýokary derejede gurap biljekdigimize ynanýaryn. Biz 2031-nji ýa-da 2035-nji ýyldaky Aziýa Kubogyny Merkezi Aziýada geçirmek üçin bilelikde arza tabşyrmak kararyna geldik» diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasy Rustam Emomaliniň sözlerini getirýär.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň prezidenti Şeýh Salman bin Al-Halifa CAFA-nyň 8-nj kongressinde eden çykyşynda CAFA-nyň prezIdenti Rustam Emomaliniň Aziýa Kubogynyň final tapgyryny Merkezi Aziýa sebitinde geçirmek boýunça arza bermek baradaky başlangyjyny goldady we sebitiň bu ýaryşy özünde geçirmäge mynasypdygyny belledi.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, ol AFK-nyň bäş zolagynyň biridir. CAFA özüne alty ýurduň: Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň futbol federasiýalaryny birleşdirýär.

Aziýanyň Kubogy (AFC Asian Cup) — Aziýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky iň abraýly ýaryş bolup, ol her dört ýylda, dünýä çempionatyndan bir ýyl soňra geçirilýär. 1956-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýaryşa dürli ýyllarda 4-de 16-a çenli toparlar gatnaşdylar. 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýanyň Kubogynyň final tapgyryna bolsa yklymyň 24 sany milli ýygyndysy jemlendi. Ýaryşda iň köp çempion bolan topar Ýaponiýa (4 gezek), häzirki çempion bolsa Katardyr. 2024-nji ýyldaky Aziýa Kubogy Katar Döwletinde, 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogy bolsa Saud Arabystanynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň