Soňky habarlar

Arhiw

Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar

17:0203.05.2023
0
25046
Karl III täç geýdirmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar
Surat: media.az

Şu ýylyň 6-njy iýunynda Beýik Britaniýanyň Westminster abbatlygynda geçjek Patyşa Karl III täç geýmek dabarasyna 2,2 müňden gowrak myhman gatnaşar. Bukingem köşgüniň duşenbede ýaýradan habarynda olaryň hatarynda 203 ýurtdan myhmanyň bardygy, 100 töweregi döwlet ýolbaşçylarynyň ýokary derejede kabul ediljekdigi aýdylýar. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Trend» ýazýar.

Patyşanyň diwanynyň habaryna görä, dabara döwlet hem-de hökümet baştutanlaryndan we Patyşa maşgalasynyň agzalaryndan ötri, Uelsiň, Şotlandiýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň hökümet başlyklary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň general-gubernatorlary, Patyşanyň iri edara ediş birliklerindäki ýerli dikme-lordlar, dürli ybadathanalaryň, ýaragly güýçleriň, diplomatik korpusyň wekilleri, Nobel baýragynyň eýeleri, jemgyýetçilik guramalaryň we adatdan daşary gulluklaryň işgärleri çagyryldy.

Şeýle-de çakylyk hatlary Patyşanyň öň esaslandyran haýyr-sahawat gaznalarynda işleýän ýaşlaryň 400 töwereklisine iberildi.

Karl Üçünjä täç geýdirmek dabarasy Şa zenan Ýelizaweta II aradan çykandan sekiz aý soň geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň