Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda şaly ekişine girişildi

22:2701.05.2023
0
25262

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda şu gün sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda aýdyldy.

Has takygy, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow hasabatynyň çäginde welaýatda gowaça ekişiniň tamamlanyp, gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň alnyp barylýandygy, şeýle hem şaly ekişine guramaçylykly girişilendigi barada habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň geçirilişine ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň, şeýle hem şaly ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradowyň hasabatynda-da Daşoguz welaýatynda şaly ekişine girişilip, bu möwsümi bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň