Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň, ýurduň welaýatlarynyň häkimleriniň, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri bilen bagly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.
Şeýle hem hasabatlarda, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda, inženerçilik ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagy üçin örän möhüm möwsümi guramaçylykly geçirmegiň esasy talap bolup durýandygyny aýtdy.
Häkimlere gowaça, bugdaýa, ýazlyk ekinlere edilýän ideg işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy we bu işleriň depginleriniň güýçlendirilmegi babatda birnäçe görkezmeler berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň obalarynyň, şäherçeleriniň, etraplardaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, ýurduň pagtaçy daýhanlary mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edilýär. Oba hojalyk pudagy üçin döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary yzygiderli satyn alynýar.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, döwlet Baştutanynyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurduň daýhanlarynyň gowaça ekişini üstünlikli tamamlandyklary barada hem aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegine gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyny dowam edip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy göni aragatnaşyga çagyrdy.
Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna we Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.