Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Modelýer Wýaçeslaw Zaýsew aradan çykdy

22:4730.04.2023
0
37327

30-njy aprelde meşhur rus modelýer Wýaçeslaw Zaýsew 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy, bu barada "Mash" Telegram-kanaly habar berdi. Çeşmäniň habaryna görä modelýer şu gün aşgazan agyrysy bilen Şelkowo hassahanasyna äkidildi we biraz wagtdan bu ýeriň reanimasiýa bölüminde aradan çykdy.

Wýaçeslaw Zaýsew meşhur rus moda dizaýneri. Russiýanyň Döwlet baýragynyň (1995), Russiýa Federasiýasynyň Halk suratkeşi (2006) baýragynyň eýesi. 2007-2009-njy ýyllarda Russiýanyň 1-nji kanalynda « Модный приговор» gepleşigini alyp bardy.

2008-nji, 2015-nji ýyllarda Zaýsew Halkara sergilerine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine täze egin-eşik toplumlary bilen gelipdi. Artist öz söhbetdeşliklerinde türkmenleriň milli eşikleriniň owadanlygyna we özboluşlylygyna, türkmen dizaýnerleriniň milli äheňi gündelik durmuş üçin ulanmaga degişli egin-eşiklerine geçirip bilýändigine, haýran galandygyny birnäçe gezek belläp geçipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň