Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Marsa dikuçar ýollamakçy

17:5226.04.2023
0
26585
Hytaý Marsa dikuçar ýollamakçy
Surat: trend.az

Hytaý Mars planetasynyň topragynyň nusgalaryny Ýere getirmek boýunça işe dikuçary çekip biler. Şeýle maksatnama barada Ylymlar we çuň älem barada halkara maslahatynyň barşynda habar berildi diýip, «SpaceNews» neşirine salgylanyp, «Lenta.ru» habar berdi.

Ýagny «Týanwen-3» tutumynyň çäklerinde «Long March 5» kysymly iki sany raketa uçurylar, olar Marsa 2030-njy ýylda iki sany kosmos enjamyny ugradar. Tutumyň maksady Zemine Marsyň topragynyň 500 gramyny getirmekdir.

Gonuş ulgamy hökmünde ýöreýän robot ýa-da dikuçar ulanylar, Hytaýyň Ylymlar akademiýasy şeýle dikuçaryň nusgasy bilen 2021-nji ýylda tanyşdyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň