Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylary gutlady

10:0026.04.2023
0
18529

Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Gutlagda döwlet Baştutany:

« ...Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu halkara maslahatyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahata gatnaşýan hünärmenler tarapyndan bu ýerde başga-da möhüm meseleler bilen birlikde, tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, bu önümçilikleriň daşky gurşawa täsirini azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alşyljakdygyna, teklipleriň öwreniljekdigine ynanýaryn »— diýip nygtaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şunuň bilen birlikde, beýleki halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar. Şoňa görä-de, bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalaryň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisidir. Häzirki wagtda onuň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Sebitiň iri taslamasy bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça eksport etmekde geljegi uly bolan iri taslamalaryň hatarynda durýar.

Şeýle-de döwlet Baştutany Türkmenistanda tebigy gazy turbageçirijiler arkaly eksport etmegiň mümkinçilikleri bilen çäklenilmän, ony diwersifikasiýalaşdyrmak babatda gaýtadan işleýän senagata hem uly üns berilýändigini, soňky ýyllarda amala aşyrylýan taslamalaryň, gurulýan önümçilikleriň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini, Gyýanly polimer zawodynyň, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde-de iň iri önümçilik desgalarynyň hatarynda durýandygyny, bu babatda Türkmenistanyň geljeginiň has-da uludygyny Gutlagynda nygtaýar.

— Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna bolsa bu möhüm ähmiýetli çäräni guramaçylykly geçirmek babatda döreden oňyn şertleri hem-de goldawlary, myhmansöýerligi üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň