Amerikanyň Prezidenti Jo Baýden 2024-nji ýylda ýurtda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny resmi habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Bu barada 80 ýaşly Baýden hepdäniň sişenbe güni çap edilen wideoda habar berdi.
Öň ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň agzasy, ýazyjy Marianna Uilýamson we ýurduň 35-nji Prezidenti Jon Kennediniň neberesinden bolan hukukçy Robert Kennedileriň kiçisi Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydyklaryny yglan edipdiler. Öňki Prezident Donald Tramp hem ýurduň iň ýokary wezipesine dalaş etmek maksady barada geçen güýzde habar beripdi.