Soňky habarlar

Arhiw

Immunizasiýa hepdeligine bagyşlanyp brifing geçirildi

09:1725.04.2023
0
28830

Aşgabatdaky Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň immunizasiýa hepdeliginiň başlanmagy mynasybetli, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, BSGG-niň, ÝUNISEF-niň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çäräniň dowamynda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti, dürli keseller we olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanlarydyr gaýraüzülmeleri barada çykyşlar boldy.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat edýän immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň dowamynda ýurduň ähli künjeklerinde maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar, öňüni alyş sanjymlarynyň tertibine laýyklykda, çagalara sanjym etmek işleri geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär.

Brifingde BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew: — Türkmenistan öňüni alyş sanjymlaryny ýerine ýetirmekde örän uly ösüş gazandy. BSGG-niň maglumatlaryna görä, bu görkeziji 95 göterimden hem gowrakdyr — diýip, belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň