Soňky habarlar

Arhiw

«Napoli» A seriýanyň indiki tapgyrynda çempion bolup biler

10:3524.04.2023
0
23959

Italiýanyň A seriýasynyň 31-nji tapgyrynda «Napoli» myhmançylykda «Ýuwentusy» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Neapollylara ýeňiş getiren ýeke-täk gol 93-nji minutda Raspadori tarapyndan derwezä gönükdirildi. Şunlukda, «Napoli» Italiýanyň A seriýasynyň indiki tapgyrynda wagtyndan öň ýurduň çempiony bolup biler.

Spalettiden tälim alýan toparyň çempionlygy wagtyndan öň resmileşdirmegi üçin indiki tapgyrda «Salernitanany» ýeňmegi, ikinji ýerdäki «Lasionyň» bolsa «Interi» ýeňmezligi gerek. Şeýle bolan ýagdaýynda «Napoli» resmi taýdan Italiýanyň şu ýylky çempiony bolar. Topar soňky gezek 33 ýyl mundan ozal şeýle ada eýe bolupdy.

«Napoli» 31 tapgyrdan soňra 78 utuk bilen A seriýanyň turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji ýerdäki «Lasioda» 61, üçünji ýerdäki «Ýuwentusda» bolsa 59 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň