Russiýanyň «Gazprom» döwlet edarasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Wiktor Zubkow kompaniýanyň garamagyndaky tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlarynyň 100 ýyla ýetjekdigi barada habar berdi diýip, «MIR 24 ýazýar.
«Geçen ýylyň ahyryna çenli «Gazprom» toparynyň gazyp alan gazynyň möçberleri 35 trillion kubmetre deň boldy, bu günki gazymyzyň ätiýaçlyk gorlary 100 ýyla ýeter» diýip, Zubkow nygtady.
Ol şeýle-de edaranyň dünýä kompaniýalarynyň arasynda gaz gorlary babatda öňdäki orny eýeleýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende aýtsak, «Gazprom» holdinginiň başlygy Alekseý Milleriň sözlerine görä, kompaniýa käbir ýataklarda gazyň çykarylyşyny 2141-nji ýylda ýa-da ondan soňra tamamlar.