Gruziýanyň Hökümeti ýurtda jahankeşdelik şäherlerini we şypahanalaryny ösdürmek boýunça bäşýyllyk maksatnama milliard lari bölüp bermekçi diýip, Premýer-ministr Irakliý Garibaşwili habar berdi. Bu serişdelere taryhy-medeni ojaklary dikeltmek hem-de täze jahankeşdelik zolaklaryny döretmek meýilleşdirilýär diýip, «MIR 24» ýazýar.
Maksatnama syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan şäherler giriziler, olar: Boržomi, Kutaisi, Telawi, Shaltubo, Zugdidi, Msheta, Batumi, Stepansminda, Mestia we Kazbegidir. 2023-nji ýylda maksatnamanyň birinji tapgyry üçin 200 million lari goýberiler.
Gruziýanyň Hökümet başlygy taslamanyň golaý wagtda başlanjakdygyny, onuň durmuşa geçirilmegi üçin iň ussat gurluşykçylardyr binagärleriň saýlanyp alynjakdygyny belledi.
Soňky ýyllarda Gruziýa barýan daşary ýurt jahankeşdeleriniň sany artýar.