Gogolyň «Derňewçisiniň» ilkinji neşiri satylar

16:2118.04.2023
0
33714
Gogolyň «Derňewçisiniň» ilkinji neşiri satylar
Surat: rbclife.ru

Nikolaý Gogolyň meşhur «Derňewçi» komediýasynyň ilkinji neşiri 20-nji aprelde Russiýanyň «Edebiýat gaznasynyň» onlaýn söwdalaşygyna çykarylar, esere 7,5 million rubl baha kesildi diýip, söwda öýüniň metbugat gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.

1836-njy ýylda neşir edilen kitap aktýor Iwan Sosniskä (1794 – 1871 ýý.) degişlidir, ol komediýadaky Gorodniçiniň keşbini ilkinji bolup sahnada janlandyrdy. Kitap ilkibaşda aktýor Aleksandr Nilskiniň ýankitaby bolupdyr. Muňa kitapdaky birgiden bellikler hem güwä geçýär. Soň ol kitaby Sosniskä beripdir.

Söwdalaşyga şeýle hem Aleksandr Radişýewiň, Lew Tolstoýyň, Aleksandr Puşkiniň eserleriniň irki seýrek neşirleridir Marina Swetaýewanyň ýazyşan hatlary giriziler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň