Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy 25-nji aprelden Urumçiden (Hytaý) Aşgabat (Türkmenistan) şäherine göni gatnawlaryny dowam etdirer.
Häzirki wagtda petekleriň satuwy elýeterlidir. Başlangyç ýagdaýda uçuşlar hepdede bir gezek — sişenbe güni meýilleşdirilýär. Uçuşlar «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar.
«CZ6015» uçuşy sişenbe güni Pekin wagty bilen sagat 22:20-de Urumçiden (URC) ugrar we ýerli wagt bilen 23:30 töweregi Aşgabat şäherine (ASB) geler. Yzyna gaýdyş ýerli wagt bilen sagat 01:00-da Aşgabatdan ugrar we Pekin wagty bilen 07:35-de Urumçi şäherine baryp ýeter.
«China Southern Airlines»-iň esasy merkezi Hytaýyň Guançžou şäherinde ýerleşýär.
Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň başynda Türkmenistana gatnawlaryny togtatypdy.
«China Southern Airlines»-iň uçarlary üçin awapetekleri www.csair.com internet sahypasyndan we iOS programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekler «China Southern Airlines»-iň Aşgabatdaky wekilhanasynda hem elýeterlidir: Magtymguly şaýoly 141/1, «Ak altyn» myhmanhanasy, ofis 206. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +9931236399.