Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Esenowyň ýeke-täk goly bilen «Energetikden» üstün çykdy

23:2415.04.2023
0
32413
«Ahal» Esenowyň ýeke-täk goly bilen «Energetikden» üstün çykdy
Surat: TFF

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahal» futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatnyň täze möwsümindäki ilkinji oýnuny geçirdi. «Ahal» täze möwsümdäki ilkinji duşuşygynda Muhammet Esenowyň 80-nji minutda derwezä gönükdiren ýeke-täk goly bilen «Energetikden» 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyrynda «Köpetdag» öz öýünde «Şagadamy» 2:1, «Aşgabat» myhmançylykda «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. «Altyn asyr» bilen «Nebitçiniň» arasyndaky oýunda bolsa golsuz deňlik hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň ikinji tapgyrynda aşakdaky oýunlar geçiriler:

  • «Nebitçi» — «Şagadam»;
  • «Energetik» — «Köpetdag»;
  • «Arkadag» — «Merw»;
  • «Ahal» — «Altyn asyr».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň