Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Hermitage Home Interiors» sergi otagynda Ýewropa haryt nyşanlarynyň duş ulgamlary hödürlenýär

10:1210.04.2023
0
24209

«Hermitage Home Interiors» kompaniýasy hammam otagy üçin önümleriň dürli görnüşleri barada habar berýär. Sergi otagynda aşhana we hammam otaglary üçin «Hansgrohe» nemes haryt nyşanynyň köptaraplylygy, öňdebaryjy dizaýny we ýokary hil derejesini özünde jemleýän innowasion çözgütleri hödürlenýär.

Häzirki günde «Hansgrohe» – bu garyjy serişdeleri we duş toplumlaryny öndürmek boýunça dünýäniň ykrar edilen öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir, onuň bütin dünýäde 10 sany zawody (4-si Germaniýada ýerleşýär) we köp sanly söwda bölümleri hem-de wekillikleri bardyr.

Duş ulgamlary üçin innowasion esbaplar, goý, ol ilkinji gezek gurnalýan bolsun, ýa oturdylan goşmaça enjam bolsun, hammam otagynyň gymmatyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýärler.

Ähli innowasiýalar suwdan lezzet almaga, şonuň bilen birlikde, oňa aýawly we tygşytly çemeleşmäge gönükdirilendir. «Hansgrohe» kompaniýasynyň önümleriniň aýratyn tapawutlanýan taraplary – suwuň hiline we akymyň güýjüne täsir etmezden, ony tygşytlamaga mümkinçilik berýän «EcoSmart» hem-de suwuň akymyny howa bilen baýlaşdyrýan, ony ýumşak, has göwrümli we ýakymly edýän «AirPower» ýaly tehnologiýalardyr.

«Hermitage Home Interiors» sergi otagynda «Axor» kompaniýasynyň hammam otaglary üçin naýbaşy harytlary hem hödürlenýär.

«Axor» kompaniýasy kaşaň hammam otaglary üçin özboluşly esbaplary işläp düzýär we öndürýär. «Axor» kompaniýasynyň Filipp Stark, Antonio Çitterio, Žan-Mari Masso, Barber we Osgerbi ýaly dünýä meşhur dizaýnerler bilen hyzmatdaşlykda döreden toplumlary rakowinalar, wannalar we duş zolaklary üçin dürli stilde ýerine ýetirilen önümleri özünde jemleýär.

Islenik hammam otagynyň içki bezeginiň bitewi keşbini emele getirmek üçin «Axor» esbaplaryň dürli görnüşlerini hödürleýär: garyşy serişdeler, duşlar, döwrebap gurnama tehnologiýalary ornaşdyrylan termostatlar we suw akdyryjy ulgamlar.

Hödürlenýän harytlaryň ähli görnüşleri bilen hermitage.tm resmi saýtynda has içgin tanşyp bilersiňiz. Ýa-da kompaniýanyň şu salgyda ýerleşýän sergi otagyna baryp görüp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 39, «Ussat» SM.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 75 28 75. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: hansgrohe.ru; sansit.ru; axor-design.com; hermitage.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň