Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýüpekçileri pile tabşyryp başladylar. Etrabyň «Hatap» daýhan birleşiginiň tejribeli ýüpekçisi Gözel Nazargylyjowanyň etrapda, hatda welaýatda ilkinji bolup terezä goýan pilesiniň agramy 44 kilograma barabar boldy diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Şu ýyl ýüpekçileriň 2125-si bilen şertnama baglaşylyp, möwsümde 85 tonna ýokary hilli pile tabşyrmak wezipesi öňde durýar. Ýüpekçiler Omarkul Jumageldiýew, Tawus Allaberdiýewa, Aýsapar Hemraýewa, Mekan Rozyýew şu ýyl borçnamadan daşary pile tabşyrmagy-da maksat edinýärler.
Habarda bellenilişi ýaly, Lebap welaýatynyň pileçileri şu ýyl 1010 tonna pile öndürmegi maksat edinýärler.