Aziýanyň Ösüş banky 2023-nji ýylda Jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde lider boljakdygyny çaklaýar. Bu barada bankyň «Asian Development Outlook — 2023» hasabatynda beýan edilýär. Hasabatda bellenilişine görä, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,5 göterime deň bolar. Bu görkeziji Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokarysy hasaplanýar.
Deňeşdirmek üçin, şu ýylda JIÖ-niň ösüş depgininiň Gazagystanda 3,2 göterime, Gyrgyzystanda 4,5 göterime, Özbegistanda 5 göterime hem-de Täjigistanda 5,5 göterime deň bolmagyna garaşylýar.
Aziýanyň Ösüş bankynyň hasabatynda «Türkmenistanyň uglewodorod eksportyndan alýan girdejileriniň çak edilýän möçberleri şu ýyl we indiki ýyl döwlet býudjetiniň balansyny saklamaga kömek eder» diýlip bellenilýär.
Mundan başga-da hasabat döwründe Türkmenistanyň daşarky karzynyň ýylsaýyn azalýandygyna üns çekilýär. Bu barada hasabatda «Daşarky karzlaryň işjeň yzyna gaýtarylmagy netijesinde Türkmenistanyň daşarky karzy 2021-nji ýylyň ahyrynda Jemi içerki önümiň, takmynan, 8,4 göterimine deň bolan bolsa, bir ýyl soňra bu görkeziji 6,3 göterime çenli azaldy» diýlip nygtalýar.