Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow goşmaça iş orunlaryny döretmegiň we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi

10:2207.04.2023
0
41816
Serdar Berdimuhamedow goşmaça iş orunlaryny döretmegiň we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi
Surat: tdh.gov.tm

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp, geljek ýylda amala aşyrylmaly işleriň ykdysady hasaplamalaryny edip, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirki wagtdan taýýarlyk görmek zerurdyr diýip nygtady.

Döwlet býujetine seredilende, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depginlerini üpjün etmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelere üns berilmelidir. Döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Aýdylanlary nazara alyp, işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga, telekeçilik işini höweslendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur bolup durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň