Arhiw

Gahryman Rozyýew Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy

22:0306.04.2023
0
53361

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanylyp, deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine Lebap welaýatyndaky 77-nji «Farap» saýlaw okrugynyň deputaty Gahryman Rozyýew teklip edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu gün geçirilen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça Gahryman Öwlýakulyýewiç Rozyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün bu baradaky degişli Kanuna gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň