Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatoryň» reýtinginde ornuny ýokarlandyrdy

15:1205.04.2023
0
36286

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatoryň» ýarymagyr agram derejesindäki reýtinginde eýeleýän ornuny ýokarlandyrdy. Has takygy, ol ýedinji basgançakdan altynjy orna geçdi. Bu barada promouşeniň resmi saýtynda habar berilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Döwletjan Ýagşymyradow 2023-nji ýylyň 10-njy martyndan 11-nji martyna geçilen gijede «Bellator 292» söweş agşamynyň çäklerinde litwaly Julius Englikasy ýeňlişe sezewar etdi. Üç raunda niýetlenen şol tutluşyk doly dowam edip, eminleriň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiji diýlip ykrar edildi. Şol ýeňiş türkmen türgeni üçin «Bellatordaky» bassyr ikinji üstünlik boldy. Onuň hasabynda umumylykda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.

Häzirki wagtda «Bellatoryň» ýarymagyr agram derejesindäki reýtinginde Wadim Nemkow (Russiýa) liderlik edýär. Reýtingiň ikinji basgançagynda Kori Anderson (ABŞ), üçünji ýerde bolsa Fil Dewis (ABŞ) orun alypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň