Futbol boýunça ýetginjekleriň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi

16:0403.04.2023
0
50753

Tailandda şu ýylyň tomsunda geçiriljek 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndylarynyň arasyndaky Aziýanyň kubogynyň bijeleri çekildi.

Bije çekişlige gatnaşan 16 ýygyndy 4 toparça bölündi. Her toparçada dört ýygyndy ýerleşdi.

Şu ýylyň 15-nji iýuny ― 2-nji iýuly aralygynda Tailandda geçiriljek yklym ýaryşynyň iň gowy dört wekili ýene-de şu ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna ýollanma alar.

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň ýaryş bilen saýlama tapgyrda hoşlaşandygyny ýatladýarys.

Bije çekişligiň netijeleri:

«А» toparça: Tailand, Ýemen, Malaýziýa, Laos;

«В» toparça: Koreýa Respublikasy, Eýran, Owganystan, Katar;

«С» toparça: Täjigistan, Awstraliýa, Saud Arabystany, Hytaý;

«D» toparça: Ýaponiýa, Hindistan, Wýetnam, Özbegistan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň