Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal mebel» dükanlaryndan mebelleri 5 aý garaşaryna alyp bolýar

11:0531.03.2023
0
46251

Dürli haryt nyşanly mebelleri alyjylara ýetirýän «Rysgal mebel» dükanlar tory türk hem-de ýewropa önümçiliginiň mebellerini bäş aýa çenli möhletleýin töleg geçirmek mümkinçiligi bilen satyn alyp bolýandygyny ýatladýar.

Möhletleýin töleg geçirmek şerti bilen haryt satyn almak üçin ilki bilen satyn alynjak harydyň bahasynyň 50%-iniň möçberinde deslapky töleg geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, müşderi dükana pasportynyň nusgasyny hem-de işleýän ýerinden kepilnama alyp bermelidir.

«Rysgal mebel» dükanlarynda dürli görnüşli we islendik stile görä peýdalanylýan mebelleriň giň görnüşi hödürlenýär. Bu ýerdäki tejribeli satyjylar myhman otagy, ýatylýan we çagalar otagy üçin kybap geljek mebelleri, şeýle hem aşhana garnituralaryny saýlamaga ýardam edýärler. Bulardan başga-da, dükanda diwanlar we kreslolar toplumlary, iş stoly hem-de žurnal stollary, ofisdir iş otagyna niýetlenen mebeller hem bar.

Aşgabatdaky «Rysgal mebel» dükanlarynyň ýerleşýän salgylary:

  • G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý) 94-nji dükan. Telefon belgileri: (+993 12) 75 40 12;
  • A.Döwletow köçesi (ozalky Lomonosow-Bedew) 41-nji A dükan. Telefon belgileri: (+993 12) 76 19 52.

«Rysgal mebel» dükanlar torunyň ýurduň beýleki şäherlerinde ýerleşýän dükanlarynyň salgylary:

  • Balkanabat şäheri: (+993 61) 13 06 06;
  • Türkmenbaşy şäheri: (+993 63) 13 40 40;
  • Mary şäheri: (+993 61) 63 06 06;
  • Türkmenabat şäheri: (+993 61) 13 05 05.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň