Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli ýygnagyna gatnaşar

13:3329.03.2023
0
42674

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 2023-nji ýylyň 30-njy martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyna sapar bilen barar. Bu ýerde ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen zyňyndylaryň derejesini nola çenli azaltmak boýunça geçirilýän ýokary derejeli ýygnaga gatnaşar diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan habar berildi.

BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasy bilen BMG-niň Habibat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyk Galyndysyz dünýä boýunça halkara gününe bagyşlanar. Şeýle hem bu halkara forum 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň, Pariž ylalaşygynyň, biodürlülik hakynda Konwensiýanyň, Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamanyň hem-de Zyýanly galyndylaryň serhetara geçirilişine we olaryň ýok edilişine gözegçilik etmek baradaky Bazel Konwensiýasynyň durmuşa geçirilmegini goldamak maksady bilen guralar. Duşuşygyň dowamynda galyndysyz tehnologiýalary, «akylly şäher» ulgamlaryny we daşky gurşaw boýunça häzirki zaman çözgütleri özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy hem bolar.

Saparynyň dowamynda ministriň orunbasary BMG-niň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşyklary geçirip, sebitde we dünýä derejesinde parahatçylygy berkitmekde hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň