Soňky habarlar

Arhiw

«Mitro International Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagy meýilleşdirýär

11:3529.03.2023
0
25723

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 26-27-nji aprelde BAE-niň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler. Oňa «Mitro International Limited» kompaniýasy hem gatnaşar.

2000-nji ýylda döredilen «Mitro International Limited» kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna aýartyn gyzyklanma bildirmek bilen, ýurduň nebit-gaz ýataklaryny gözlemek, tapmak, gazyp almak işleri boýunça has uly möçberde maýa goýmagy maksat edinýär.

Kompaniýa 2000-nji ýyldan bäri Gündogar Çeleken ýatagyny özleşdirmek we ösdürmek meseleleri boýunça Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar.

Ýeri gelende, «Continental Industrial Supply», «Schlumberger», «Vetco Gray», «Weatherford», «Baker Hughes» ýaly birnäçe kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýän «Mitro International Limited» kompaniýasynyň uly tejribä eýedigini bellemek gerek.

Mundan ozal Dubaýda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmaga isleg bildirýän 100-den gowrak wekiliýetiň hasaba alnandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň