Aşgabatdaky «Sypra» kafesi myhmanlary rahat gurşaw we dürli ýurtlaryň tagamlary bilen begendirer

09:3728.03.2023
0
37790

Aşgabatdaky «Sypra» kafesi lezzetli we doýuryjy tagamlary hem-de rahat gurşawy söýýänlere gujak açyp garaşýar.

Müşderiler binanyň içinde ýa-da rahat eýwanda oňat wagt geçirip, tagamlardan lezzet alyp bilerler. «Sypra» kafesiniň tagamnamasynda adaty türkmen tagamlary, Ýewropa we türk aşhanasynyň meşhur tagamlary, şeýle hem tiz tagam taýýarlanylýar. Mundan başga-da, kafede täze süýjülikleriň we hoşboý ysly çörek önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Şeýle hem «Sypra» kafesinde eltip bermek hyzmaty boýunça ýa-da ýanyňyz bilen alyp gitmek üçin sargyt alyp bilersiňiz. Käfeniň iş wagty irden 9-dan agşam sagat 11-e çenli.

«Sypra» – bu elýeterli bahalaryň, doýuryjy tagamlaryň we ýokary hilli hyzmatyň sazlaşygydyr» diýip kafeniň iş dolandyryjysy (menejeri) belledi.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary kafe şu salgy boýunça baryp bilerler: Aşgabat, 10-njy kiçi etrapça, A.Nyýazow şaýolunyň 1-nji geçelgesi, jaý 4/2.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+993 12) 20 14 20, 19 19 01, 16 51 51, 16 41 41
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Bellik: habar «Sarayan» kärhanasynda ýörite lybas tikdirmek boýunça sargyt ediň we «Turkmenportal» internet neşirinde mahabat (reklama) gazanyň» aksiýasy esasynda ýerleşdirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň