Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä banky dünýä ykdysadyýeti üçin «ýitirilen onýyllygy» çaklaýar

09:2328.03.2023
0
19190
Bütindünýä banky dünýä ykdysadyýeti üçin «ýitirilen onýyllygy» çaklaýar
Surat: kapital.kz

Dünýä ykdysadyýeti üçin öňde «ýitirilen onýyllyk» garaşyp biler, şeýle duýduryş barada Bütindünýä bankynyň nutugynda aýdylýar diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Nutugyň awtorlary soňky 30 ýylda öňegidişligi we gülläp ösüşi üpjün eden ähli ykdysady güýçleriň tapdan gaçýandygyny nygtaýarlar.
Netijede, 2022-nji we 2023-nji ýyllaryň arasynda dünýäniň jemi içerki önüminiň ortaça ösüşi XXI asyryň birinji onýyllygyndaky depginlerden üçden bir esse, ýagny 2,2 göterim peseler diýlip garaşylýar.

Bütindünýä bankynyň baş ykdysatçysy Indermit Gilliň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetine «ýitirilen onýyllyk» garaşyp biler. Emma şunda ählumumy JIÖ-niň ösüş depginini ortaça ýyllyk derejede 2,9 göterime çenli ýokarlandyryp bolar, munuň üçin bolsa ýurtlaryň durnukly, ösüş ugurly syýasaty işläp düzmegi gerekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň