Soňky habarlar

Arhiw

Mişustin Russiýanyň 2026-njy ýyldan başlap her ýyl 100 uçar öndürmekçidigini habar berdi

10:2325.03.2023
0
34303
Mişustin Russiýanyň 2026-njy ýyldan başlap her ýyl 100 uçar öndürmekçidigini habar berdi
Surat: rospatent.gov.ru

Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Mihail Mişustin Döwlet Dumasynda hökümetiň hasabaty bilen bagly eden çykyşynda hökümetiň 2026-njy ýyldan başlap her ýyl 100 sany uçar öndürip başlamak maksatnamasy hakynda habar berdi. Onuň çykyşy rus hökümetiniň «Ýou-Tube»-däki ýaýlymynda görkezildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Ýigrimi altynjy ýyldan başlap biz her ýyl dürli kysymdaky uçarlaryň her ýyl 100 sanysyny öndürip başlamagy maksat edinýäris» diýip, Mişustin çykyşynda aýtdy. Ol pudagy maliýeleşdirmek boýunça ähli kararlaryň Ministler Kabineti tarapyndan eýýäm kabul edilendigini habar berdi.

Öň Russiýanyň hökümetiniň 2023-nji ýylda Il-114 kysymly uçarlaryň giň fýuzelýažly görnüşini döretmek üçin 900 mllion rubl goýbermekçidigi habar berlipdi. Mundan başga-da Ministrler Kabineti Il-114 kysymly uçarlary kämilleşdirmek üçin 550 million rubly goşmaça goýberer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň