Beýik Britaniýanyň öňki hökümet başlygy Boris Jonson ýurduň parlamentini koronawirus pandemiýasy döwründe Dauning-stritdäki meýlisler bilen baglylykda aldandygyny boýun aldy diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.
«Men obşinalar palatasyny azaşdyrandygym üçin ötünç soraýaryn. Emma muny bilgeşleýin etmändigimi aýdasym gelýär. Muňa subutnamalarym şaýatlyk edýär» diýip, Jonson aýtdy.
Öňki premýer-ministr bu iş bilen bagly ýeňillikler boýunça parlament komissiýasynda görkezme berdi. Ol hatda Injilden hem ant içdi. Eger parlamenti bilkastlaýyn aldan bolsa, Jonsony deputatlyk mandatyndan mahrum edip bilerler.
Gopgun koronawirus pandemiýasy döwründe Dauning-stiritdäki hökümet jaýynda gijeki meýlisler bilen baglylykda döredi, şol wagt Patyşalykda şazada Filippiň aradan çykmagy bilen bagly milli matam yglan edilipdi.
Öň bu meýlislere Boris Jonsonyň gatnaşandygy barada wideogörnüşler çap edilipdi.