Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde 3D usulda çap edilen ilkinji raketanyň uçuşy şowsuz tamamlandy

10:2424.03.2023
0
40053
Dünýäde 3D usulda çap edilen ilkinji raketanyň uçuşy şowsuz tamamlandy
Surat: kapital.kz

Dünýäde 3D usulda çap edilen ilkinji raketanyň uçurylmagy şowsuz tamamlandy. Ol ABŞ-da uçuryldy, emma hereketlendirijiniň näsazlygy netijesinde äleme çykyp bilmedi, diýip, «Interfaks» habarlar gullugy enjamy işläp düzüji «Relativity Space» kompaniýasyna salgylanyp ýazýar.

Bu eýýäm üçünji synanyşyk bolup, ilkinji iki gezekde uçuş tehniki näsazlyklar sebäpli ýatyrylypdy.

33 metrlik iki basgançakly raketa «Aeon» hereketlendirijileri bilen üpjün edilendir. Olar hem 3D çap enjamynda ýasalypdyr. Ýangyç hökmünde onda suwuk kislorod ulanyldy.

Çaklama görä, şeýle raketa Ýeriň töweregindäki orbita 1250 kilogram ýük çykarmaga ukyply hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň