Zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, toparçalarda öňe saýlanan toparlar belli boldy.
«A» toparçada geçiren duşuşyklarynda 4 utukdan toplan «Olimp» bilen «Altyn täç» toparlary öňdäki orunlary eýeleýärler. «B» toparçada bolsa geçirilen duşuşyklardan soň toparlaryň dördüsi hem – «Aşgabat», «Ahal» «Balkan», «Nokat» 3 utukdan topladylar.
Toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleýji duşuşyklary 24-nji martda geçiriler.
II tapgyryň netijeleri:
| «A» - toparça | «Olimp» – «Miras» | 6-0 |
| «A» - toparça | «Altyn täç» – «Daşoguz» | 11-1 |
| «B» - toparça | «Aşgabat» – «Nokat» | 0-1 |
| «B» - toparça | «Balkan» – «Ahal» | 2-1 |
24.03.2023 ý., III tapgyr
| Oýun 9 | «A» - toparça | «Olimp» – «Daşoguz» | 10:00 |
| Oýun 10 | «A» - toparça | «Miras» – «Altyn täç» | 11:30 |
| Oýun 11 | «B» - toparça | «Aşgabat» – «Ahal» | 13:00 |
| Oýun 12 | «B» - toparça | «Nokat» – «Balkan» | 14:30 |

