Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşik geçirilýär

16:0821.03.2023
0
38949

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry aralygynda ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşik geçirýär.

Bäsleşigiň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Bäsleşige hödürlenilýän ylmy-barlag işleri ylmyň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär:

1) nanotehnologiýalar;

2) himiki tehnologiýalar;

3) täze materiallary öwrenmek;

4) energetika;

5) biotehnologiýa;

6) molekulýar biologiýa;

7) oba hojalygy;

8) ekologiýa;

9) genetika.

Bäsleşige gatnaşmak üçin degişli resminamalar 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär.

Ylmy-barlag işleri bahalandyrmak we jemini jemlemek daşary ýurt döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň alymlaryndan düzülen eminler topary tarapyndan amala aşyrylýar. Eminler toparynyň düzümi guramaçylar tarapyndan tassyklanylýar. Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Birinji tapgyrda ylmy-barlag işleri seljerilýär hem-de wajyplygyna görä saýlananlar indiki tapgyra geçirilýär.

Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar işiň mazmunyny doly açyp görkezmek üçin onlaýn görnüşinde diňlenilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-88-79, +993 12 44-88-73

Elektron salgysy: scientificwork.tm@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň