Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary halkara bäsleşiklerde şowly çykyş etdiler

17:3620.03.2023
0
50036

Italiýanyň Bolonýa uniwersitetinde halkara hukuk mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda 21-nji araçyllyk bäsleşigi geçirildi.

Jedelleri çözmek boýunça halkara akademiýa (INADR) tarapyndan guralan ýokary derejeli halkara bäsleşikde Türkmenistandan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary üstünlikli çykyş edip, «Spirit Award» we «Active and Best Participation» sylagyna mynasyp bolmagy başardy.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Şagadam Baýramdurdyýew, şol ýokary okuw mekdebiniň talyplary Sähetgylyç Abdyýew, Serwi Nuryýewa we Abdyleziz Saryýew bar.

Ýeri gelende bellesek, türkmen talyplary bu halkara bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdylar. Nobatdaky bäsleşige dünýäniň 23 döwletinden 42 uniwersitet gatnaşdy.

7 — 12-nji martda Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda matematika dersi boýunça 17-nji halkara «SEEMOUS — 2023» bäsleşigi geçirildi.

Onda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary umumy netije boýunça bäsleşigiň 2-nji ornuna mynasyp boldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Myratgeldi Annamuhammedow, Nurmyrat Ataýew kümüş medal, Rüstem Bekow, Medine Ödäýewa, Azymgeldi Şyhow, Döwletmyrat Esenow dagy bürünç medal gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň