Özbegistan we Eýran Aşgabat Ylalaşygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

12:5020.03.2023
0
27026
Özbegistan we Eýran Aşgabat Ylalaşygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär
Surat: farsnews.ir

Özbegistan we Eýran ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Aşgabat Ylalaşygyndan gelip çykýan tagallalary işjeňleşdirmek babatda ylalaşyk gazandylar. Bu barada Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow bilen Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdaş Bazrpoşyň arasyndaky duşuşyga salgylanyp, daryo.uz saýty habar berýär.

Bellenilişine görä, duşuşykda taraplar ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak hem-de bu ugurda Aşgabat Ylalaşygy bilen bagly tagallalary işjeňleşdirmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Hususan-da, Eýranyň günorta portlaryny netijeli peýdalanmak arkaly Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ugry boýunça ýük daşamalaryň bahalaryny arzanlatmak, sürüjiler üçin amatlyklary döretmek boýunça pikir alşyldy.

Ýeri gelende bellesek, «Aşgabat Ylalaşygy» 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde güýje girdi. Onuň öňýanynda bu babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama kabul edildi, bu resminama 2014-nji ýylyň awgustynda Omanyň Maskat şäherinde Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Omanyň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň