Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähini gurmak üçin onuň taslamasyny düzmek hem-de seýilgähi gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.
Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul edilýär.
- Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
- Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-46-64, 44-46-77.