«Soçi» soňky iki duşşuşykda derwezesinden 7 pökgi geçirtdi

20:3418.03.2023
0
28041

Şu gün, 18-nji martda Woronež şäherindäki Kärdeşler arkalaşekleriniň merkezi stadionynda Russiýanyň Premýer-ligasynyň 20-nji tapgyrynyň çägindäki «Fakel» ― «Soçi» duşuşygy geçirildi. Onda «Fakel» myhman topary 3:0 hasabynda ýeňdi.

Bu netije Gurban Berdiýewiň şägirtleriniň bassyr ikinji duşuşykdaky uly hasaply utulyşy boldy. Topar 19-njy tapgyrda öz meýdanynda «Orenburgdan» hem 0:4 hasabynda asgyn gelipdi.

Mahlasy, «Soçi» soňky iki duşuşygynda garşydaş derwezelere bir pökgi hem geçirip bilmedi, tersine öz derwezesinde ýedi pökgi gördi. 28 utukly topar ýaryş tertibinde dokuzynjy orny eýeleýär.

Gurban Berdiýewiň «Soça» geçen ýylyň 25-nji dekabryndan bäri tälim berip gelýändigini ýatladýarys.

Gurban Berdiýew «Soçiniň» başyndaky ýeke-täk ýeňşini 18-nji tapgyrda SSKA bilen bolan duşuşykda gazandy. Şol duşuşykda «Soçi» garşydaşyndan 2:0 hasabynda rüstem geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň