Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada iň uzyn asma köpri gurlar

12:2318.03.2023
0
27157
Italiýada iň uzyn asma köpri gurlar
Surat: news.zerkalo.io

Italiýada dünýäde iň uzyn asma köpri gurlar, ol Sisiliýa bilen ýurduň gury ýer bölegini birleşdirer diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Şeýle taslama baryp gadymy rimliler döwründe oýlanyp tapylypdyr. Italiýada bu köprini mundan birnäçe ýyl öň, ýurduň Ministler Kabinetine Mario Monti başlyklyk edýärkä gurmakçydylar, emma taslamadan çykdajylaryň köpdügi we inženerçilik kynçylyklary sebäpli ýüz öwürdiler, indi Meloniniň hökümeti bu pikiri durmuşa geçirmekçi bolýar.

Desganyň uzynlygy üç kilometrden gowrak bolar, onuň gurluşygyna geljek ýyl badalga berler. Italiýanyň infrastruktura ministri Matteo Salwini taslamanyň amala aşyrylmagynyň kömürturşy gazynyň howa taşlanýan zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berjekdigini, Messin aýlagynyň üsti bilen gezelenjiň tiz we arzan düşjekdigini aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň