Top.Mail.Ru

Arhiw

Parižiň köçelerinde 3 müň tonnadan gowrak zir-zibil toplandy

16:5017.03.2023
0
27692
Parižiň köçelerinde 3 müň tonnadan gowrak zir-zibil toplandy
Surat: bbc.com

Fransiýada pensiýa ýaşynyň ýokarlandyrylmagy bilen baglylykda çykyşlar dowam edýär. Garşylyk çykyşlary netijesinde Parižiň we beýleki şäherleriň köçeleriniň ýakasynda zir-zibiliň 3 müň tonnadan gowragy döredi diýip, «Habar 24» ýazýar.

Ýurduň jemagat hojalygy gulluklarynyň işgärleridir zibil aýryjylar çykyşlaryň azyndan 20-nji marta çenli dowam etjekdigini aýdýarlar. Garbanyşhanalaryň eýeleri müşderilerine köçäniň ýakasyndaky açyk ýerlerde däl-de, içerde hyzmat etmeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler. Galyberse-de, olar önümleriň eltmek hyzmatyny galyndylary azaltmak maksady bilen kemeltmäge mejbur bolýarlar.

Ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron eger deputatlar gopgun döreden pensiýa özgertmesine garşy ses berse, Milli ýygnagy ýatyrjakdygyny habar berdi diýip, BFM teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Fransuz Prezidenti täze kanun taslamasy boýunça Ýeliseý köşgünde ýurduň hökümet başlygy Elizabet Born hem-de hökümetiň beýleki agzalary bilen duşuşanda, bu barada aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň başynda hökümet başlygy Born 2030-njy ýylda pensiýa ýaşyny 62 ýaşdan 64 ýaşa çenli uzaltmak barada özgertmäniň taslamasyny hödürläpdi. Resminamada şeýle hem iň az pensiýa hakyny 1,2 müň ýewro çenli artdyryp, dürli pudaklarda ýörite pensiýa düzgünleriniň ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu özgertme Bäşinji respublikada köçülikleýin garşylyk çykyşlaryna sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň