Ispaniýanyň «Inditex» egin-eşik dükanlary zynjyrynyň sap girdejisi geçen 2022-nji ýylda ondan öňki ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 27 göterim artdy. Kompaniýa «Zara» we «Bershka» brendleriniň eýesidir. Bu barada toparyň saýtynda çap edilen maglumatlarda aýdylýar diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Trend» ýazýar.
Habarda sap girdejiniň 4,13 milliard ýewro deň bolandygy aýdylýar, satuwlaryň möçberi 32,569 mlrd ýewro ýetdi we 2021-nji ýylyň görkezijilerinden 17,5 göterim artykdyr.
«Inditex» ispaniýaly Amansio Ortego tarapyndan esaslandyryldy. Onuň dünýäniň 100 ýurdunda 7 müň sany dükany bar. Kompaniýanyň has meşhur söwda ýarlyklary Zara, Pull&Bear, Massimo Dutti, Bershka, Stradivarius we Oysho bolup durýar.