Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen gezelenç guraldy

11:1815.03.2023
0
20971
Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bilen gezelenç guraldy
Surat: iirmfa.edu.tm

13-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy. Gezelenjiň çäginde okuw sapagy geçirilip, ol Parfiýanyň diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanyldy. Bu barada TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, mekdep okuwçylary gezelenjiň dowamynda gadymy döwrüň beýik döwletleriniň biri bolan Parfiýa döwletiniň maddy medeniýetini we sungatyny özüniň arheologiýa gatlaklarynda saklap galan Köne we Täze Nusaý galalary bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, «Nusaý» taryhy-medeni döwlet ýadygärliginiň wekilleri galanyň taryhy barada gatnaşyjylara gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Gezelenje gelen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bolan talyplar we mekdep okuwçylary şol döwrüň diplomatik gatnaşyklary barada özara söhbetdeşlik etdiler hem-de pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň