Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň synçylary deputat saýlawlaryna taýýarlyk boýunça Daşoguz welaýatyna baryp gördüler

10:3715.03.2023
0
20924

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň halkara synçylar toparynyň wekilleri Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak üçin, Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdylar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habaryna görä, GDA-nyň synçylar toparynyň wekilleri saýlaw uçastoklaryna baryp, olaryň saýlawlara taýýarlygyna baha berdiler hem-de saýlaw toparlarynyň agzalary bilen söhbetdeş boldular.

Saparyň netijesinde, ses bermegiň geçiriljek gününe ýokary derejedäki taýýarlyk, şeýle-de uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hünär derejesi bellenildi.

Synçylar saýlaw uçastoklarynyň zerur enjamlar we usulyýet materiallary bilen üpjün ediliş derejesine-de baha berdiler.

Häzirki wagtda GDA ýurtlaryndan halkara synçylaryň işiniň ýola goýulmagy dowam edýär. Degişli toparyň GDA agza ýurtlaryň merkezi saýlaw toparlarynyň, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň, GDA agza ýurtlaryň

Parlamentara assambleýasynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we diplomatik korpuslarynyň wekillerini öz içine almagy meýilleşdirilýär.

Şu güne çenli 40 synçy akkreditasiýa üçin ýüz tutdy. Agzalan çeşmäniň habar berşi ýaly, olar Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, GDA agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň