Soňky habarlar

Arhiw

Pol Pogba «Ýuwentusa» 3 hepde kömek edip bilmez

17:2714.03.2023
0
30689

«Ýuwentusyň» ýarymgoragçysy Pol Pogba şikes sebäpli ýene-de düzüme kömek berip bilenok.

Turinlileriň baş tälimçisi Massimiliano Allegriniň mälim edişi ýaly, futbolçy türgenleşiklerde şikes aldy.

«Sapmdoriýa» bilen boljak duşuşykdan ozal geçirilen türgenleşiklerde Pogba jerime urgularyny dürs ýerine ýetirmek bilen bagly türgenleşýärkä, aýagynda agyry syzdy. Geçirilen ilkinji lukmançylyk barlaglaryndan soň Pogbanyň Ýewropa ligasynda «Fraýburg» we ýekşenbe güni Seria A-da «Inter» bilen boljak duşuşyklara gatnaşyp bilmejekdigi anyklanyldy. Allegri Pogbanyň topara indi diňe FIFA-nyň günlerinden soň kömek edip biljekdigini aýdýar.

«Fraýburg» bilen Ýewropa ligasynda bolan birinji duşuşygy hem ýygnanyşyga giç gelendigi üçin goýbermeli bolan Pogba şikes sebäpli, ýekşenbe güni «Sampdoriýa» bilen bolan oýna hem alynmady. Bu duşuşykda «Ýuwentus» 4:2 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň