ABŞ-da iri banklaryň ikisi batdy

09:3714.03.2023
0
18537
ABŞ-da iri banklaryň ikisi batdy
Surat: ria.ru

Soňky birnäçe günüň dowamynda ABŞ-da iri karz edaralarynyň ikisi — «Silicon Valley Bank» we «Signature Bank» batdy, bu birnäçe ýurtlaryň gazna bazarlaryna ýaramaz täsir etdi.

Olardan Nýu-Ýorkuň «Signature Bank» edarasy ýekşenbede ýapyldy diýip, «The New York» Times gazeti habar berdi.

Munuň öňüsyrasy Kaliforniýanyň maliýe goragy edarasy ABŞ-da ululygy babatda 16-njy maliýe edarasy bolan SVB bankynyň ýapylýandygyny habar berdi.

Bu ABŞ-da 2008-nji ýylyň maliýe krizisinden bäri iň uly bank batmagy boldy. Ýurduň Maliýe ministrligi batan banky halas etmekden ýüz öwürdi diýip, «Tengrinews.kz» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň